- degirmek
- işlik1) Bir zady ikinji bir zada galtaşdyrmak, ýanaşyk goýmak.∙ Mundan soň bular tirseklerini ýassyga berip, biri-biriniň agzyna agyzlaryny degirjek ýaly ýakyn oturdylar. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)∙ Stoly diwara degrip goýmak.2) Atyp ýa-da salyp nyşanany we ş. m. zady urmak, galtaşdyrmak.3) Bir zat ýokuşdyryp ýa-da sürtüp hapalamak.Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar i çekimlisi düşürilip ýazylýar.Meselem degirmek - degrer, degripdir.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.